Wajyp: RHVoice programmasyny gurup bolanyňyzdan soňra, Android-a RHVoice ulan diýmägiňizden öňürti, siz Dünýä ýa-da başga sesi programma ýükläň!
RhVoice programasynyň 2.2.1 wersiýasyndan başlap, türkmen dili android üçin hem elýeterlidir. Eger-de siziň enjamyňyzda RhVoice programasynyň köne wersiýasy gurnalan bolsa, ony Google Play arkaly täzelemegiňizi haýyş edýäris.
Programmany açyň we "Türkmen" dilini dilleriň sanawyndan saýlaň, we “Gurnamak” basyň: soňra "Dünýä" adyna basyň
Eger siz “Oýnamak” düwmesine bassaňyz, siz şu sözlemleriň birini eşidersiňiz: “Eger siz şu habary eşiden bolsaňyz, onda ses gurnalan we işleýär.” Ýa-da “Şu ses gurnalmadyk. Siz öňünden ýazylan nusgasyny diňläp dursuňyz”.
Siz programmany ýüklemeli we gurnag faýlyny synag etmeli, ol şu ssylkada tapyp bolar:
Dünýä-niň soňky wersiýasyny ýükle.
Microsoft Windows gurnama diýip duýdurmagy mümkin, emma ýüklemegi dowam edip bilersiňiz.
Gurnag faýly hiç hili sorag bermeli däldir we zerur zatlaryň hemmesini ýüklär.
Jaws programasy goýulan papkany tapyň Meselem: \Program Files\Freedom Scientific\Jaws
Jawsyň haýsy wersiýasynda düzetmek isleseňiz, şol wersiýa ýazylan papkany açyň.
Papkanyň içindäki sapi5x.ini atly faýly bloknot ýa-da öz halaýan tekst redaktirleýji programaňyz arkaly açyň. Jawsda RhVoiceyň sesini düzetmek sazlamalarynyň düzgünleri.
Output=18 ýazylan setirde 18-lik sany öçürüp ýerine 26 ýazmaly. Şeýlelikde bu setirde Output=26 ýazylgy bolmaly. Üýtgedilen faýly kompýuteriň ýadynda saklamaly. Jaws programasyny öçürüp täzeden açyň.
Iki gurnag zerurdyr: siz birinji N.V.D.A üçin esasy RHVoice goşmaçasyny ýükläň. Siz ony şu ssylkada tapyp bilersiňiz:
NVDA goşmaçasyny ýüklemek isleýärsiňizmi diýip sorar, hawa diýip jogap beriň. Tamamlanan halatynda eger islemeseňiz NVDA-ny täzeden başlatmak gerekli däl, sebäbi Dünýä goşmaçasy hem gurnalmalydyr.
Indi, NVDA teklip eden halatynda täzeden başladyň.
NVDA täzeden başlanyndan soňra bolsa, insert+control+s (goýmak + dolandyryş + s) düwmeleri bilen sintezleýji gepleşigi açyň we RHVoice sintezleýjisini saýlaň. Kësaj here kur N.V.D.A të kërkojë të ristartohet, duhet ta ristartoni.
Ekranyň okyjy sazlama interfeýsini ulanyp, gürleýiş tizligini, tonuny we sesiň beýik-pesligini dolandyryp bilersiňiz.
Emma ekran okyjy bilen dolandyryp bolmaýan iki aýratynlyk bar: diliň iňlis diline geçirilmegi we türkmen sözleriň aýdylyşynyň düzedilmegi.
Windows we Linux-da ýörite sazlama faýllaryny döretmeli.
NVDA üçin, NVDA sazlama faýllaryny saklaýan papkany açyň. Soňra RHVoice-config atly kiçi papkany dörediň.
SAPI 5 ulanýan bolsaňyz, %APPDATA% papka giriň we RHVoice atly kiçi papka dörediň. %APPDATA% Windows gurşaw üýtgeýjisidir.
Linux-da, bir bukjadan RHVoice gurnan bolsaňyz, papka adatça /etc/RHVoice bolar. Özüňiz düzen bolsaňyz, asyl nusga boýunça /usr/local/etc/RHVoice bolar.
RHVoice sazlama faýly
Windows-da faýlyň ady RHVoice.ini bolmaly. Linux-da ady RHVoice.conf.
Iňlis diline geçiş
Iňlis sesiniň iňlis sözleminde gürlemegini isleseňiz, ilki bilen RHVoice-dan iňlis seslerinden birini guruň.
Soňra, sazlama faýlyndaky ses profilleriniň "otur" nyşany bilen bölünen sanawyny kesgitläň.
Mysal üçin, Dünýä sözünden SLT iňlis sesine geçmek üçin aşakdaky setiri goşuň:
voice_profiles=Dünýä+SLT
Faýly belläň (sohranit ediň) we ekranyňyzy täzeden açyň. Dünýä+ SLT ekran okyjydaky sesleriň sanawynda görüner.
Sözleýiş sözlügi
Sözleýişdäki ýalňyşlyklary düzetmek üçin ýörite sözlük döredip bilersiňiz.
Sazlama papkasyna giriň, "dicts" atly kiçi papka dörediň we şol papkaň içinde "Turkmen" atly ýene kiçi papka dörediň. Turkmen papkadaky islendik faýl sözleýiş sözlügi hökmünde işlener. UTF-8 Unicode kodlamasy ulanmaly.
Islendik üýtgemeden soň, sesi ulanyp Windows ýa-da Linux programmasyny täzeden açmaly.
Her sözlük ýazgysy öz setirinde bolmaly. Teswir ýazmak isleseňiz, setire kese çyzyk bilen başlaň, ";". Soňra bu setir hasaba alynmaz.
Girişiň umumy formaty:
söz = sözleýiş
Diňe bütin sözlere däl-de, sözleriň başlangyç böleklerine çalyşmak üçin ahyryna * nyşanyny goşuň:
söz=sözleýiş*
Sözi baş harpa öwürseňiz, bu sözdäki setir harplara degişli bolmaz.
Käbir ýörite nyşanlary sözleýiş setirinde ulanyp bolar.
Çekimini bellemek üçin çekimli sesden soň ":" iki nokat nyşanyny ulanyň.
Çekimli "ä" ses uzyn hasaplanýar. Gysga etmek üçin, yzyndan "~" nyşanyny goýuň.
Käwagt RHVoice-iň uzyn bolmazlygy üçin beýleki sesleri gysga diýip bellemeli bolarsyňyz. Şeýle çekimli sesden soň "." nokat nyşanyny goýuň.
Çaklama nyşany, "~" käbir çekimli seslerden soň karz sözlerinde rus sesleri hökmünde bellemek üçin ulanylyp bilner: s~, z~, w~, b~, g~. Rus dilindäki "ts", (ц) sesini bermek üçin "t~" ýazyň. Bu, "ahal" ýaly sözlerde h sesine-de degişlidir.
Mysal üçin, "prezident" RHVoice üçin näbelli bolsa, bu ýazgyny goşup bileris:
prezident=prez~ide:nt*
"Nd" ýaly çekimsiz goşulmalar adatça Dünýä ýaly sözlerde gabat gelip, türkmenleriň kadasyna görä aýdylýar. Bulary aralamak üçin "_" aşak çyzyk nyşany bilen bölüň.
Finlýandiýa=finlýa:n_diýa
Sözleýiş setiriniň başynda ýa-da şol nokatdan çykýan öwrümi aýyryp, "Dünýä" ýaly çekimli ses kadasyny öçürmek üçin "!" ýüzlenme belgisini goýuň.
filologiýa=!filalo:g~iýa
Ubuntu üçin bir wersiýa ýakyn wagtda çap ediler.